Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde başlanan agyr atletika boýunça 88-nji dünýä çempionatynda türkmen türgenleriniň çykyş etjek günleri belli boldy.
Dünýä çempionatyna 15 türgen bilen gatnaşýan (10 erkek, 5 zenan) türkmen ýygyndysynyň çykyşlary 5-nji sentýabrda Seýitjan Mirzaýewiň we Ýulduz Jumabaýewanyň çykyşy bilen başlanar.
Ýurduň beýleki wekilleriniň agyrlyk göterjek günleri bolsa aşakda görkezilýär.
- 5-nji sentýabr
Seýitjan Mirzaýew, 61 kilograma çenli agram derejesi (ortaça sargydy iki görnüşiň jemi boýunça — 280 kilogram);
Ýulduz Jumabaýewa, 49 kilogarama çenli agram derejesi (ortaça sargydy — 181 kilogram).
- 7-nji sentýabr
Kristina Şermetowa, 59 kilograma çenli agram derejesi (ortaça sargydy — 190 kilogram);
Perhat Bagtyýarow, 67 kilograma çenli agram derejesi (ortaça sargydy — 272 kilogram);
Bunýad Raşidow, 67 kilograma çenli agram derejesi (ortaça sargydy — 317 kilogram).
- 9-njy sentýabr
Bektimur Reýimow, 73 kilograma çenli agram derejesi (ortaça sargydy — 332 kilogram).
- 11-njy sentýabr
Maksat Meredow, 81 kilograma çenli agram derejesi (ortaça sargydy — 320 kilogram);
Şatlyk Şöhradow, 89 kilograma çenli agram derejesi (Ortaça sargydy — 370 kilogram);
Gaýgysyz Töräýew, 81 kilograma çenli agram derejesi (Ortaça sargydy — 342 kilogram).
- 13-nji sentýabr
Şahzadbek Matýakubow, 96 kilograma çenli agram derejesi (ortaça sargydy — 370 kilogram).
- 14-nji sentýabr
Gülnabat Kadyrowa, 76 kilograma çenli agram derejesi (ortaça sargydy — 160 kilogram);
Polina Gurýewa, 76 kilograma çenli agram derejesi (ortaça sargydy — 170 kilogram);
Dawranbek Hasanbaýew, 102 kilograma çenli agram derejesi (ortaça sargydy — 385 kilogram).
- 15-nji sentýabr
Anamjan Rustamowa, 81 kilograma çenli agram derejesi (ortaça sargydy — 240 kilogram).
- 17-nji sentýabr
Hojamuhammet Toýçyýew, 109 kilogramdan ýokary agram derejesi (ortaça sargydy — 410 kilogram).