Soňky habarlar

Arhiw

Marydaky Döwlet energetika institutynyň täze okuw binasyny «Röwşen Gurluşyk» HK gurar

12:4302.09.2023
0
29287

«Röwşen Gurluşyk» hususy kärhanasy Marydaky Döwlet energetika institutynyň çäginde täze okuw binasynyň taslamasyny düzer we gurluşyk işlerini amala aşyrar – bu babatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 25-nji awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde degişli Karara gol çekdi.

Energetika ugurly ýokary okuw mekdebiniň goşmaça okuw binasy 2 müň talyp üçin niýetlenendir, şeýle hem 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy, ýapyk görnüşli sport desgasy hem-de monument gurlar. Gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda başlanar, olary 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär.

Marydaky Döwlet energetika instituty Türkmenistanyň elektroenergetika we senagat pudaklary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýar. Ol 1997-nji ýylda Ýokary tehniki kollejiň binýadynda döredildi, 2010-njy ýylda bolsa ýokary okuw mekdebiniň amatly we giň umumy sapak otaglary, barlaghanalary, internet-kafesi, sport toplumy we kitaphanasy bolan täze binasy ulanmaga berildi.

«Röwşen Gurluşyk» HK Türkmenistanda iri gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Şeýle iri taslamalaryň biri hem şu ýylyň iýun aýynyň ahyrynda dabaraly ýagdaýda açylan Arkadag şäherinde sekiz sany ýaşaýyň jaýynyň we Ulag-kommunikasiýa toplumynyň dolandyryş binasynyň gurluşygydyr. Mundan başga-da, «Röwşen Gurluşyk» Aşgabat şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň ýaşaýyş jaýlarynyň, Daşoguz we Balkan welaýatlarynda dabaraly çäreleriň geçirilýän «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň, şeýle hem paýtagtymyzdaky we welaýatlardaky beýleki desgalaryň gurluşyk işlerini durmuşa geçirdi.

«Röwşen Gurluşyk» Aşgabatda geçirilýän Türkmenistanyň ykdysady we senagat sergilerine yzygiderli gatnaşyp, ýeňil senagat we gurluşyk pudagynda gazananlaryny görkezýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň