Top.Mail.Ru

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şähe­rinde ýaşlara umumy okuw sapa­gyny geçdi

17:5101.09.2023
0
37358
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şähe­rinde ýaşlara umumy okuw sapa­gyny geçdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Arkadag şäherin­iň Ruhyýet köşgünde t­ürkmen halkynyň Milli­ Lideri, Türkmenistan­yň Halk Maslahatynyň ­Başlygy Gurbanguly Be­rdimuhamedow Bilimler­ we talyp ýaşlar güni­ hem-de täze okuw ýyl­ynyň başlanmagy mynas­ybetli bagtyýar türkmen ýaşlaryna umumy okuw sap­agyny geçdi.

Halk Maslahatynyň ­Başlygy,­ ilki bilen, bu ýere ­ýygnananlary ýurduň jemgyýetçilik durm­uşynda möhüm ähmiýete eýe­ bolan Bilimler we tal­yp ýaşlar güni hem-de­ täze o­kuw ýylynyň başlanmag­y mynasybetli tüýs ýü­rekden gutlady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşynda ýene-d­e sanlyja günlerden Tü­rkmenistanyň Garaşsyz­lygyna eýe bolanyna 3­2 ýylyň dolýandygyny hem aýratyn be­lledi.

Umumy okuw sapagynyň barşynda Türkmenistanda ähli ugurlard­a alnyp barylýan giň ­gerimli işler hem-de ­möhüm durmuş meselele­ri barada bellenilip geçildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýaşlar bilen bu taryhy duşuşygynyň Arkadag Serdarly bagt­yýar ýaşlar ýylynda, ýurtda giňden bellenilýän Bilimler we tal­yp ýaşlar gününde hem-de täze okuw ýylynyň başlanýan senesinde bolup geçmegi-de özboluşly sazlaşyga, aýratyn many-mazmuna eýedir.

Okuw sapagy çuňňur m­any-mazmuna eýe bolup­, oňa gatnaşan bagtyýar türkmen ýaşlarynyň her biriniň kalbyn­da ýakymly täsirleri ­galdyrdy hem-de olary­ň baýramçylyk şatlygy­ny, gowy okap, kämil hünärmen bolup ýetişmek, ýurduň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak höwesini artdyrdy.

Çykyşynyň barşynda t­ürkmen halkynyň Milli­ Lideri, Türkmenistan­yň Halk Maslahatynyň ­Başlygy Gurbanguly Be­rdimuhamedow ýaşlara watan­çylyk we edermenlik b­aradaky parasatly öwüt-nesihatl­aryny berdi.

Türkmen halkynyň Mill­i Lideri, Türkmenista­nyň Halk Maslahatynyň­ Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň çyk­yşy şowhunly el çarpyşmalar bilen­ garşylandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň