Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenfilm» Funtowada Magtymguly baradaky filmiň käbir pursatlaryny surata düşürdi

00:4501.09.2023
0
26395
«Türkmenfilm» Funtowada Magtymguly baradaky filmiň käbir pursatlaryny surata düşürdi
Surat: lotosgtrk.ru

Ozal habar berşimiz ýaly, şu günler türkmen kinoçylary, ýagny Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşginiň wekilleri Astrahanda döredijilik saparynda bolup, Magtymguly Pyragy barada dokumental film surata düşürýärler.

Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebitiniň häkimliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, filmiň esasy pursatlary Priwolžkiý etrabynyň Funtowo obasynda ozal Türkmenistanyň hasabyna gurlan, şahyryň adyny göterýän umumbilim berýän mekdepde surata düşürildi.

– Görnükli türkmen akyldary Magtymguly Pyragy baradaky filmiň surata düşürilmegine sebitiň Daşary gatnaşyklar ministrliginiň işgärleri ýakyndan ýardam berýärler. Ylmy edebiýatlardan we onlarça çeşmeden peýdalanmak arkaly ýazylan edebi esasa görä düşürilýän dokumental filmde astrahanly taryhçylar, şahyrlardyr ýazyjylar, mugallymlar we mekdep okuwçylary esasy gahrymanlara öwrülýärler – diýip, sebitleýin daşary gatnaşyklar ministri Ilýa Toropitsyn belleýär.

Habarda nygtalyşy ýaly, şu günler türkmenistanly sungat wekilleriniň bir topary Astrahan sebitinde geçirilýän «Hazar möwsümleri — 2023» nusgawy sungat festiwalyna hem gatnaşýarlar. Şol topar bilen Astrahana baran Türkmenistanyň halk artisti, görnükli opera aýdymçysy Atageldi Garýagdyýew Astrahan döwlet uniwersitetiniň seýilgähindäki Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň öňünde şahyryň sözlerine döredilen aýdymlary ýerine ýetirdi. Şeýle-de edebi esasa görä, mekdepde filmiň dürli parçalary surata alyndy. Funtowa obasynda türkmenler köpçülikleýin bolup ýaşaýar. Bu bolsa filmiň gyzykly hem täsirli bolmagyna, çykyş edýänleriň öz keşplerine örän jogapkärli çemeleşmegine ýardam edýär.

«Turkmenportalda» ozal habar berşimiz ýaly, şu günler türkmen kinoçylary daşary ýurtlaryň birnäçesinde bolup, 2024-nji ýylda belleniljek Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dokumental filmleri surata düşürýärler.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň