Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenfilm» Özbegistanda Magtymguly Pyraga barada täze filmi surata düşürip başlady

16:5729.08.2023
0
31399
«Türkmenfilm» Özbegistanda Magtymguly Pyraga barada täze filmi surata düşürip başlady
Surat: daryo.uz

Özbegistanda Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň kinematograflary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli täze filmiň surata düşürilişine başladylar. Bu barada «Altyn Asyr» teleýaýlymy tarapyndan habar berildi.

Nusgawy türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyraga bagyşlanan şeýle filmler Russiýada, Azerbaýjanda, Türkiýede we Eýranda hem surata düşürilýär diýip, çeşme belleýär.

Magtymguly Pyragy Hywadaky, Buharadaky medreselerde bilim alypdyr diýip, taryhy çeşmelerde beýan edilýär. Şunuň bilen baglylykda, filmde şahyryň Özbegistanda ýaşan döwürlerindäki durmuşy açylyp görkeziler diýlip garaşylýar.

Ozal Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebitinde hem türkmen kinematograflary tarapyndan täze filmiň surata düşürilýändigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň