Soňky habarlar

Arhiw

Duşenbe Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň ge­ňe­şi­niň mejlisine taýýarlanýar

11:4631.08.2023
0
14796

30-njy awgustda Täjigistanyň Daşary işler ministrliginde metbugat ýygnagy geçirilip, onda 14-15-nji sentýabrda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerine Duşenbe şäherinde geçiriljek Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň ge­ňe­şi­niň nobatdaky mejlisine taýýarlyk barada maglumat berildi.

Metbugat ýygnagynda bellenilişine görä, ýokary derejeli türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynda geçiriljek AHHG-nyň nobatdaky sammitiniň gün tertibi Aral deňziniň basseýninde suw dolandyryşy, daşky gurşaw we durmuş-ykdysady ýagdaýlary has-da gowulandyrmak, sebitdäki suw we energiýa meselelerini çözmekde AHHG-nyň täsirini artdyrmak, şeýle-de AHHG-niň halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmak ýaly hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini öz içine alar

Mundan başga-da, Gaznanyň çäginde köpugurly maksatnamalary durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaşlaryň gerimini giňeltmek meselelerine hem serediler.

Täjigistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sodik Imominiň metbugat ýygnagynda aýdyşy ýaly, şu ýyl Täjigistan Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň başlyklygyny Gazagystana geçirer.

Sammitiň jemleri boýunça gün tertibindäki ähli meseleler boýunça resminamalara gol çekilmegine, şeýle hem jemleýji resminamanyň - döwlet Baştutanlarynyň Duşanbe Jarnamasynyň kabul edilmegine garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň