Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti Kazan ählumumy ýaşlar sammitine gatnaşýar

12:3230.08.2023
0
20777
Türkmen wekiliýeti Kazan ählumumy ýaşlar sammitine gatnaşýar
Surat: tatar-inform.ru

28 – 30-njy awgustda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda Kazan ählumumy ýaşlar sammiti geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar diýip, Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsullygy tarapyndan habar berildi.

Sammite Eýran, Täjigistan, Liwiýa, Senegal, Liwan, Kamerun, Somali ýaly 30 töweregi döwletden ýaşlaryň işleri boýunça edaralaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşýarlar diýip, çeşme habar berýär. Sammitiň çäklerindäki çärelere Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretariatynyň, Ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hemişelik komitetiň, Yslamyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny öwrenmek boýunça halkara ylmy-barlag merkeziniň wekilleri hem gatnaşýarlar.

Habarda bellenilişi ýaly, iki günlük sammit häzirki zaman şertlerinde çagalary we ýaşlary terbiýelemekde däp bolan gymmatlyklaryň ähmiýetine bagyşlanýar. Sammit sagdyn maşgala gymmatlyklaryny ösdürmek, dowamly bilim, şahsyýet goraglylygy, birek-birege düşünişmek we hormat goýmak, halklaryň arasyndaky dostluk ýaly temalar boýunça aýratyn sessiýalary hem öz içine alar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň