Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona ýurtda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de weýrançylyklara getiren tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan, gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Täjigistanda 27-nji awgustda ýagan güýçli ýagyş zerarly Wahdat şäherinde we Rudaki etrabynda adam pidalaryna getiren getiren tebigy betbatgçylyk boldy. Güýçli ýagyş Duşenbe-Hujand ýolunyň böleklerine-de uly zeper ýetirdi: ol ýerde palçyk akymlary, süýşmeler we gaýalaryň ýumrulmagy ýaly tebigy hadysalar hem hasaba alyndy.
Habarda Wahdatda 11 adamyň, Rudaki sebitinde bolsa 2 adamyň betbagtçylygyň pidasy bolandygy aýdylýar. Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon pida bolanlaryň maşgalalaryna we bu betbagtçylyga duçar bolanlaryň hemmesine çuňňur gynanç bildirdi. Şeýle-de Täjigistanyň Premýer-ministrine, Adatdan daşary ýagdaýlar we raýat goranyşy komitetine we beýleki ygtyýarly edaralara pida bolanlaryň maşgalalaryna gyssagly kömek bermek hem-de adatdan daşary ýagdaýlaryň netijelerini aradan aýyrmak üçin gyssagly çäreleri görmek üçin degişli görkezmeler berdi.