Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti 2024-nji ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişi baradaky Karara gol çekdi

23:4125.08.2023
0
29155

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligine ýerleriň kärendeçileri, peýdalanyjylary we eýeleri bilen şertnamalary baglaşmak esasynda, welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde, 2024-nji ýylyň hasyly üçin ýurt boýunça bellenen meýdana bugdaý ekip, degişli möçberde hasyl almagy üpjün etmek tabşyryldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bugdaýyň öndürilişini has-da artdyrmak babatda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, bu ugurda daýhan birleşikleriniň, kärendeçileriň we ýer eýeleriniň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli zerur şertleri döretmek maksadyndan ugur alnyp kabul edildi.

Hökümet mejlisiniň barşynda döwlet Baştutany wise-premýer T.Atahallyýewe ýurtda bugdaý ekişini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin möwsüme taýýarlyk görmek, şol sanda daýhanlary oba hojalyk tehnikalary, ýokary hilli tohumlar we beýleki zerur serişdeler bilen üpjün etmek meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň