Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «Alem Sport apparels and shoes» dükanynda dünýäniň brend aýakgaplary hödürlenýär

09:2326.08.2023
0
48625

«Berkarar» söwda we dynç alyş merkezinde ýerleşýän «Alem Sport apparels and shoes» dükanynyň giň haryt görnüşleriniň hatarynda sportuň dürli görnüşleri bilen professional derejede meşgullanmak üçin krossowkalar, kedler, marafon aýakgaplary, butslar, göreş aýakgaplary, ädikler, ýeňil atletika şipowkalary ýaly ýokary hilli sport aýakgaplary hödürlenýär.

Bu ýerde fitnes klubuna gatnamaga, ýöremäge we işjeň dynç alşa niýetlenen, mysal üçin, skandinaw ýörişi, tennis, jogging, dürli ýerlerde ylgamak üçin gündelik krossowkalary ýa-da kedleri satyn almak bolýar.

Aýakgap modelleri diňe bir marka degişliligi, bahasy, maksady we ululygy bilen çäklenmän, moda stili, reňk ýa-da reňk palitrasy, bezegi, fakturalary bilen hem tapawutlanýar. Şeýle hem bu ýerde giň we dürli hili dabanlar üçin aýakgap modelleri bar.

Sport aýakgaplarynyň köpdürli görnüşleriniň içinden dogry saýlaw etmekde bolsa müşderilere «Alem Sport apparels and shoes» dükanynyň tejribeli satyjylary özleriniň maslahatlaryny ýetirerler. Ilki bilen, olar bu aýakgaplaryň haýsy maksatlar we howa şertleri üçin zerurdygyny düşündirerler. Satyjy-maslahatçy bu meselede ýöremegiň biomehanikasy we aýakgaplaryň haýsy aýak üçin laýykdygy baradaky esasy bilimleri bilýär.

Sport aýakgaplarynyň dükanda hödürlenýän harytlaryň möhüm bölegi bolman, olaryň hatarynda sport egin-eşikleriniň we esbaplarynyň hem köp sanly görnüşleriniň bardygyny ýatladýarys.

Tomus aýynyň ahyryna çenli «Alem Sport apparels and shoes» dükanynda aksiýa çäresi dowam edýär — zenan ýa-da erkek krossowkasyny satyn alan müşderä sowgat hökmünde futbolka berilýär. Dükandan gerekli bolan haryt tapylmadyk ýagdaýynda, ol sargyt esasynda daşary ýurtlardan getirilip bilner, şeýle hem dükan Aşgabada we ýurduň beýleki welaýatlaryna eltip berme hyzmatyny ýerine ýetirýär.

Dükanyň haryt görnüşleri bilen «Berkarar» SDAM-dan tanyşmak bolýar (1-nji gat, B66 dükany). Goşmaça maglumat almak üçin telefon belgileri: (+993 62) 00 66 55; (+993 65) 80 25 52; (+993 12) 46 84 07.

Sosial media ulgamyndaky «Alem Sport apparels and shoes» sahypasy.

Elektron poçta salgysy: Info@alemsport.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň