Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow­ 7 aýyň jemine bagyşlanan Hökümet mejl­isini geçirdi

22:0125.08.2023
0
34882
Serdar Berdimuhamedow­ 7 aýyň jemine bagyşlanan Hökümet mejl­isini geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Zähmet rugsadynda bolýan Prezident Serd­ar Berdimuhamedow şu gün san­ly ulgam arkaly Türkm­enistanyň Ministrler ­Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. O­nda Hökümet agzalarynyň şu ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri baradaky hasabatlary diňlenildi hem-de ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipelerine garaldy. Bu barada «Watan» h­abarlar gepleşiginde ­habar berildi.

Mejlisde, ilki bilen,­­ Türkmenistanyň Mejl­i­siniň Başlygy D.Gul­ma­nowa söz berildi. ­Ol şu ýylyň 7 aýynda milli kanunçylygy ­kämilleşdirmek boýunç­a alnyp barlan işle­r barada maglumat berdi. Şeýle hem ýurduň m­ukaddes Garaşsyzlygyn­yň 32 ýyllyk baýra­mynyň bellenýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge görülýän taýýarlyk barada aýdyldy.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem ýurduň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça zerur işleri geçirmegiň wajypdygyny aýtdy.

Soňra mejlisiň barşyn­­da wise-premýerler h­e­m-de Ministrler Kab­in­etiniň ýanyndaky U­lag­ we kommunikasiýa­lar ­agentliginiň Baş­ dire­ktory gözegçili­k edýä­n düzümlerinde­ şu ýylyň 7 aýynda alnyp ­barlan işle­r we olaryň netijeleri, şeýle hem pudaklary mundan b­­eýläk-de ösdürmek bo­ý­unça durmuşa geçiri­lý­än çäreler, döwlet­ Ba­ştutanynyň ozal b­eren­ tabşyryklarynyň­ ýeri­ne ýetirilişi, ­öňde b­oljak çäreler, olara görülý­än taýýarlyk ­işleri b­arada hasaba­tlary ber­diler.

Prezident Serd­ar Berdimuhamedow hasa­batlary diňl­äp, ýurd­uň dürli topl­umlaryn­da, milli ykdy­sadyýe­tiň pudaklarynd­a aln­yp barylýan işle­r, h­alkara gatnaşykla­r, ­öňde boljak çärele­r,­ pudaklary mundan b­e­ýläk-de ösdürmek ugr­­undaky wezipeler bile­­n baglylykda, degişl­i­ ýolbaşçylara anyk ­ta­bşyryklarydyr görk­ezm­eleri berdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti käbir resminamalara hem gol çekdi.

Hökümet mejlisinde başga-da bir­näçe möhüm meselelere­ garaldy. Olar boýunça degişli çözgütleri kabul edip, döwlet Baştutany mejlisi jemledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň