Soňky habarlar

Arhiw

BSGG-niň bilermeni COVID-19 ýokanjynyň gelip çykyşynyň tebigydygyny çaklaýar

18:0224.08.2023
0
30427
BSGG-niň bilermeni COVID-19 ýokanjynyň gelip çykyşynyň tebigydygyny çaklaýar
Surat: depositphotos/lightsource

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň baş ylmy işgäri Jeremi Farrar COVID-19 ýokanjynyň emeli däl-de, tebigy dörändigini çaklaýar. Ol bu barada «Financial Times» gazetine beren interwýusynda hamala özünde üç ýyl bäri bar bolan subutnamalara esaslanyp aýtdy diýip, «MIR 24» ýazýar.

Baş ylmy işgäriň sözlerine görä, ol koronawirusyň gelip çykyşy bilen bagly islendik pikirleri ara alyp maslahatlaşmak üçin açykdyr. Şol bir wagtda Farrar ýokanjyň gelip çykyşynyň laboratoriýadan tötänden ýaýramagy ýa-da Hytaýdaky bazarlarda satylýan haýwanlar bilen bagly bolmagynyň mümkindigini aradan aýyrmaýar.

Öň epidemiologlar koronawirusyň täze möwjemesine öňdäki güýzde garaşylýandygyny habar berdiler. Şeýle-de BSGG dünýäde koronawirusyň täze «Eris» görnüşiniň ýaýrap biljekdigini duýdurdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň