Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň kompaniýasy Türkmenistana şöhlat önümlerini eksport edip başlady

10:1223.08.2023
1
36252

Awgust aýynda «Abi» kompaniýasy Türkmenistana «Wýazanka» we «Starodworýe» brendleriniň şöhlat önümleriniň ilkinji 16 tonnasyny («Duguşka» önüm zynjyryny hem goşmak bilen) eksport etdi.

«Abi» amatly we taýýar iýmit önümlerini öndüriji kompaniýa bolup, onuň düzümine Russiýa Federasiýasynyň çägindäki üç zawod girýär. Kompaniýanyň önümleri paýlaýyş ulgamy Russiýa Federasiýasynyň ähli sebitlerini, Gümrük Bileleşigine girýän Gazagystan we Belarus Respublikasyny, şeýle hem Abhaziýa, Azerbaýjan, Özbegistan, Mongoliýa ýaly ýurtlary öz içine alýar.

Türkmenistanyň öňdebaryjy bölek satuw zynjyrlary bilen hyzmatdaşlygyň netijesinde «Abi»-niň önümleri ýurduň ähli uly şäherlerinde ilata hödürlenýär. Häzirki wagtda kompaniýanyň wekilleri «doňdurylan ýarym taýýar» we «doly taýýar» görnüşinde üpjün edilýän önümleriniň sanawyny giňeltmek barada gepleşik geçirýärler. Bu meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin «Abi» Söwda-senagat palatasyna laýyklyk şahadatnamalaryny we eksport üçin zerur bolan beýleki resminamalary almak üçin degişli arzalary iberdi. Bu barada «New Retail» ýazýar.

Şeýlelikde, Türkmenistan Merkezi Aziýada Gazagystandan, Özbegistandan we Gyrgyzystandan soň «Abi» önümleriniň eksport edilýän dördünji ýurdy boldy.

«Biz köpden bäri türkmen bazarynda işlemäge gyzyklanma bildirýäs we onuň geljegi uly diýip hasaplaýarys. Ýurtda sarp edijiler rus öndürijilerine ýokary gyzyklanma bildirýärler. Biz türkmen bazaryny öwrenip, iň täsirli marketing gurallaryny ulanmak boýunça häzirki zaman tekliplerimizi hödürlemäge uly üns bereris» diýip, «Abi»-niň satuw bölüminiň müdiri Roman Otodraka belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň