ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlaryny sentýabryň ikinji ýarymynda geçiriljek «C5+1» görnüşindäki ilkinji sammite çagyrdy. Bu barada Baýdeniň Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe ýazan hatynda aýdylýar.
«19-njy ýa-da 20-nji sentýabrda resmi ýagdaýda geçiriljek umumy howpsuzlygy, ykdysady we daşky gurşaw maksatlarymyzy mundan beýläk-de nädip öňe sürmelidigini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berjek «C5+1» duşuşygynda bize we beýleki ýolbaşçylara goşulyp bilersiňiz diýip umyt edýärin» diýlip, «Uzdail»-iň ABŞ-nyň Prezidentiniň çakylygyndan getiren böleginde aýdylýar.
Hatda Merkezi Aziýanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentleriniň duşuşygy (C5+1) BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde meýilleşdirilýär diýilýär.
«С5+1» (Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Тürkmenistan, Özbegistan we ABŞ) formaty geçen bäş ýylyň içinde ykdysadyýetde, energetikada, söwda, saglyk ulgamlarynda we howpsuzlygy üpjün etmekde özara gatnaşyklaryň gerimini giňeldip, üstünlikleri gazandy.