18-nji awgustda Moskwada Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň we Gazagystanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşygy boldy. Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň habaryna görä, duşuşyk Hazar deňziniň halkara güni mynasybetli geçirildi.
Duşuşykda taraplar Hazar sebitinde bilelikdäki işiň dürli taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar we Hazarýaka ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek baradaky pikirlerini paýlaşdylar. Şeýle hem Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň Moskwada geçiriljek duşuşygyna taýýarlyk meselelerine ünsi çekdiler.
Ondan öň 12-nji awgustda Awazada geçirilen «Hazar deňzi – dostluk we ylalaşyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Duşuşykda Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy baradaky konwensiýany we Hazarýaka ýurtlary tarapyndan kabul edilen beýleki bäş taraply resminamalary ara alyp maslahatlaşmagyň tarapdarydygyny aýtdy.
Mundan başga-da, Meredow Hazar deňzindäki daşky gurşawy gowulandyrmak boýunça çäreleri işläp taýýarlamagyň zerurdygyny aýtdy.
«Biz Hazar sebitinde, şol sanda daşky gurşawy goramak babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýäris. Hazar deňziniň ähli Hazarýaka döwletleri üçin parahatçylyk we dostluk deňzi bolmalydygyna ynanýarys» diýip, wise-premýer belledi.
20-nji awgustda Moskwada Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler.