Türkmen milli baýramçylyk lybaslaryny tikmek bilen meşgullanýan «Arslan Designer» atelýesi toýlar üçin milli kürteleri kärendesine bermek boýunça hyzmatlaryny hödürleýär.
«Arslan Designer» atelýesindäki ähli egin-eşikler, şol sanda türkmen toýunyň üýtgewsiz bölegi bolan geliň kürtesi beýlekilerden düýpli tapawutlanýarlar. Olar hususy taslamalara laýyklykda we diňe bir nusgada tikilýär. Kürte taýýarlamak köp zähmeti talap edýär. Onuň netijesinde peýda bolan lybas bolsa özboluşlydyr we arzan däldir, şonuň üçin şeýle lybasy kärendesine almak satyn almagyň ýa-da sargyt etmegiň ýerine bähbitli çözgüt hökmünde öňden bäri ykrar edilip gelinýär.
«Biziň atelýemiz dürli görnüşli kürteleri amatly bahalardan hödürleýär» diýip, «Arslan Designer-iň» wekili belleýär. – Ähli lybaslar nagyşlary başga hiç bir ýerde gaýtalanmajak özboluşly el keşdesi bilen bezelendir. Sargyt esasynda kürte taýýarlanylanda, biz elmydama müşderiniň ileri tutýan garaýyşlaryndan ugur alýarys hem-de olaryň göz öňünde tutýan aýratynlyklaryny we isleglerini durmuşa geçirmäge synanyşýarys.
«Arslan Designer» atelýesiniň ýerleşýän salgysy: Aşgabat, Bitaraplyk şaýoly, «Maksat Mebel» binasy. Iş wagty: 8:00-dan 20:00-a çenli.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 65) 27 17 51. Sosial ulgamdaky sahypasy.
Şeýle-de okaň: