Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Rus arheologlary Türkmenistanda näbelli gadymy stol üsti oýunlaryny ýüze çykardylar

15:5815.08.2023
0
47647

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Maddy medeniýetiň taryhy institutynyň arheologlary akademiýanyň Etnologiýa we antropologiýa ylymlary institutyndan bolan kärdeşleri bilen bilelikde Türkmenistanda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň barşynda stol üstünde oýnalýan näbelli oýun üçin doly toplumy ýüze çykardylar. Bu barada TASS akademiýanyň müdiri Andreý Polýakowyň sözlerine salgylanyp habar berýär.

«Bu ýyl biz özboluşly tapyndyny ýüze çykardyk — mazarlaryň birinde belli bir oýun üçin niýetlenen heýkeljikleriň toplumy tapyldy. Heýkeljikler öňem tapylypdy, ýöne olar bölek-büçekdi — heýkelleriň biri bärde, beýlekisi —aňyrda. Indi bolsa 12 sany piramida şekilli daş heýkeljikleri, 8 sany daş topy, 3 sany gaýtadan işlenen serpentinit daşlary, 3 sany pisse şekilli fişka, 2 sany balykgulak we kawri çaňňalagynyň imitasiýasyny öz içine alýan toplumymyz bar. Bu, gürrüňsiz, doly toplumdyr» diýip, A.Polýakow belleýär.

Şeýle hem ol soňky gazuw-agtaryş işlerinde öküziň ýylany aýak astyna alýan we ýerli gadymy medeniýet bilen baglanyşykly beýleki eserleri şekillendirýän uly möhüriň tapylandygyny aýtdy.

Indi alymlaryň öňünde Garagum çölüniň Goňur-Depe şäherçesiniň çäginde ýaşan adamlaryň ýitip giden medeniýetiniň gadymy oýnunyň maksadyna, düýp manysyna we düzgünlerine düşünmek meselesi durýar. Bürünç eýýamynda, b.e. öňki III-II müňýyllygyň başynda Marguş ýa-da Margiana medeniýeti dörän bu ýerde oazisler gülläp ösüpdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň