Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmen Logistika» türkmen ulag kompaniýalaryny «Gara deňiz—Hazar» Logistika forumyna çagyrýar

10:3814.08.2023
0
28631

«Türkmen Logistika» assosiasiýasy resmi maglumat hyzmatdaşy hökmünde Türkmenistanyň ulag kompaniýalaryny 2023-nji ýylda geçiriljek «Gara deňiz—Hazar» Logistika Forumy: geçelgeler, ýükler, infrastruktura» maslahatyna we sergisine gatnaşmaga çagyrýar. Bu baradaky bildiriş assosiasiýanyň resmi web sahypasynda çap edildi.

Forum 2023-nji ýylyň 20-21-nji sentýabrynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçiriler.

Forum «Gara we Hazar deňizleriniň sebitindäki halkara ulag geçelgeleri», «Ýük bazasyna we deňiz ulag bazaryna syn», «Deňiz portlary we terminallary. Gara we Hazar deňizleri sebitlerinde infrastrukturanyň ösüşi» mowzuklary boýunça üç sessiýany öz içine alar.

Mundan başga-da, käbir mowzuklar boýunça iki sany çekişme guralar. Şeýle hem sebitdäki konteýner ulag bazaryny ösdürmegi we ýük gatnawynyň ösmeginiň faktory hökmünde konteýnerleşme bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Foruma gatnaşmak üçin şu güne çenli 15 ýurtdan 100-den gowrak gatnaşyjy hasaba alyndy.

Belläp geçsek, Gara we Hazar deňizlerindäki halkara ulag geçelgeleri sebitiň ykdysady ösüşi üçin möhüm ähmiýete eýe. Bu geçelgeler sebitiň ýurtlary üçin ykdysady ösüşiň täze hereketlendirijisi bolup biler. Sebitdäki halkara ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi ähli gyzyklanýan taraplaryň hyzmatdaşlygyny talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, portlaryň we terminallaryň infrastrukturasyny ösdürmek, logistika boýunça häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, harytlaryň iberiliş wagtyny gysgaltmak, logistika çykdajylaryny azaltmak we müşderi hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmak zerurdyr.

Häzirki wagtda sebitdäki geosyýasy şertler we sanksiýalar logistika kompaniýalaryny we ýük eýelerini Gara we Hazar deňizleri ýurtlarynyň çäklerinden geçýän ulag geçelgelerini işjeň ulanmaga mejbur edýär. Munuň özi täze hyzmatlaryň, ugurlaryň we infrastrukturanyň ösmegine itergi berýär.

Mundan başga-da, bu halkara ulag resminamalaryny, geçelgeleri we ugurlary ýönekeýleşdirmek hem-de sanlylaşdyrmak boýunça döwletara şertnamalaryň baglaşylmagyna itergi berýär, şeýle hem, «ýeke penjire» mehanizminiň döredilmegini we kämilleşdirilmegini çaltlaşdyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň