27 — 29-njy awgustda Gyrgyzystanyň Yssyk Köl sebitinde «Merkezi Aziýada oba hojalygy: Integrasiýa. Döwrebaplaşdyrmak. Üstünlik» atly halkara sammit geçiriler. Oňa Türkmenistan hem gatnaşar diýip, Gyrgyz Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Çäre Bosteri obasyndaky «Baýtur» toplumynda bolar. Sammitde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň agrosenagat toplumynda alnyp barylýan işler we bu ugurda bar bolan milli tejribeler ara alnyp maslahatlaşylar.
Umumy mejlisde, mowzuklaýyn bölümçelerde we ussatlyk sapaklarynda maliýeleşdiriş modelleri, däne, ýeralma, süýt we et kärhanalaryny ösdürmegiň usullary, şeýle hem oba hojalygynyň önümçiligini döwrebaplaşdyrmak üçin niýetlenen tehnologiýalar ýaly temalar boýunça pikir alyşmalar guralar. Forum bilen ugurdaşlykda guralýan serginiň çäginde oba hojalygy bilen bagly iň soňky gazanylanlar we köp dürli önümler görkeziler.
Sammite daýhanlar, oba hojalyk kärhanalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, oba hojalygy üçin niýetlenen enjamlardyr önümçilik serişdeleri bilen üpjün edijiler, işewür birleşikleriň, döwlet edaralarynyň, maliýe pudagynyň, gaýtadan işleýän kärhanalaryň we söwda wekilleri hem gatnaşyp bilerler.
Sammite Gyrgyzystandan, Türkmenistandan, Gazagystandan, Özbegistandan,we beýleki ýurtlardan 300-e golaý wekiliň gatnaşmagyna garaşylýar.