Soňky habarlar

Arhiw

Güýçli guraklyk sebäpli Titikaka köli gurady

16:2110.08.2023
0
31239

Çakdanaşa yssy howa sebäpli Boliwiýa bilen Peruwyň serhedinde ýerleşýän meşhur Titikaka derýasyna doly guramak howpy abanýar diýip, «MIR 24» ýazýar.

Suw howdanyň häzir düýbi görünýär. Ol sährany ýatladýar. Golaý ýerlerdäki daýhanlar goldawa mätäç, sebäbi suw ýetmezçiligi maldarçylyga we oba hojalygyna howp salýar.

«Köl mundan beýlägem guramagyny dowam eder. Ol hiç haçan şeýle guramandy. Ol ýok boljaga meňzeýär» diýip, ýerli ýaşaýjy Pablo Kalle gürrüň berýär.

Titikaka köli deňiz derejesinden 3800 metr belentlikde ýerleşýär, hut şunuň özi hem onuň çalt bugarmagyna sebäp bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň