Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi önümleriň giň görnüşlerini hödürleýär

10:1308.08.2023
0
47541

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi ýurduň dürli sebitlerinde gurulýan desgalaryň gurluşyklary hem-de ykdysadyýetiň beýleki pudaklary üçin zerur bolan senagat we gurluşyk önümlerini öndürýän 27 kärhanany dolandyrýar.

Şolaryň hatarynda: Bäherden, Balkan, Lebap sement zawodlary, karýer dolandyryş bölümleri (Gökdepe, Kaka, Balkan, Köýtendag, Bereket, Galaýmor), Aşgabat, Daşoguz, Mary, Türkmenabat şäherlerinde ýerleşen «Demirbetonönümleri» kärhanalary, «Zergär», Ýaşlyk keramzit zawody, gazbeton öndürýän zawod, «Nebitmaş» döwlet kärhanasy, «Polimer önümleri» zawody, Metal-mehaniki kärhanasy, «Türkmendemirönümleri», «Türkmen aýna önümleri» döwlet kärhanalary, «Zarba» ýöriteleşdirilen döwlet kärhanasy, Gurulýan desgalar müdirligi, «Türkmenmermer» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Senagattaslama» taslama instituty ýaly kärhanalar bar.

Ýurduň halk hojalygynda olar tarapyndan öndürilýän şu önümler giňden ulanylýar: sement, metal däl materiallar, metal we polimer önümleri, aýna we aýna önümleri, demirbeton we uly panelli ýaşaýyş jaý we gurluşyk önümleri, elektron we maşyn gurluşyk enjamlary, diwar üçin materiallar, keramzit, kaolin, gips, gazbeton, izogam. Bu we beýleki senagat hem-de gurluşyk materiallaryna içerki bazarda-da, daşary ýurtlarda hem uly isleg bildirilýär.

Ýerli çig maldan ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply senagat önümlerini öndürmek, gaýtadan işleýän senagat önümçiligini innowasion esasda ýola goýmak üçin senagat kärhanalary döwrebaplaşdyrylýar we häzirki zaman tehnologiki enjamlar bilen enjamlaşdyrylýar.

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Türkmenistan, 744036, Arçabil şaýoly, 132-nji jaý.

Faks: (+993 12) 39 00 94; (+993 12) 39 00 88;

Telefon belgileri: (+993 12) 39 00 33; (+993 12) 39 00 01;

Elektron poçta salgysy: industry@sanly.tm

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň