«Şawat—Daşoguz» barlag-goýberiş nokadynda Syýahatçylyk-maglumat merkezi açyldy

18:5907.08.2023
0
66329

Özbegistan Respublikasynyň Syýahatçylyk ulaglary assosiasiýasynyň metbugat gullugy «Şawat—Daşoguz» barlag-goýberiş nokadynyň (BGN) çäginde syýahatçylyk-maglumat merkeziniň açylandygyny habar berdi.

Merkez syýahatçylara medeni ýadygärlikler, daşary ýurtlularyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň galmagynyň tertibi ýaly hyzmatlary hödürleýär, şeýle hem «E-Mehmon» ulgamynda hasaba almagy amala aşyrýar.

Şeýle hem merkez howa we demir ýol peteklerini, myhmanhana otaglaryny bronlamak, sim-kartlary satmak ýaly hyzmatlary hem özünde jemlär.

Ýatlap geçsek, ozal Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew «Şawat—Daşoguz» bilelikdäki söwda zolagynyň açylmagyny çaltlaşdyrmak hakynda ylalaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň