Russiýanyň Futbol assosiasiýasy şu gün daşary ýurt we ýerli toparlar bilen işleşip, uly üstünlikleri gazanan ozalky tälimçi Waleriý Nepomnýaşini 80 ýaş toýy bilen gutlady.
«Tälimçilige Türkmenistanyň Sport komitetiniň futbol mekdebinde gadam goýan Waleriý Waleriý Kuzmiç 1988-nji ýylda Kamerunda işlemek üçin çakylyk aldy. Ol bu döwletiň ýygyndysyny Dünýä kubogy ― 1990-yň çärýek finalyna çenli alyp çykdy. Ondan öň Afrikanyň hiç bir ýygyndysy Dünýä kubogynda çärýek finala çykyp bilmändi.
Soňra Nepomnýaşiý Türkiýäniň, Koreýa Respublikasynyň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň we Özbegistanyň birnäçe toparlaryna tälim berdi. Russiýada bolsa ol «Tom» we «Baltika» toparlarynyň halypasy boldy. SSKA-da bolsa maslahatçy bolup işledi» diýlip, birleşigiň habarynda aýdylýar.