Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Belarusyň teleradioýaýlymlarynyň wekilleri Türkmenistanda geçiriljek media foruma gatnaşmaga çagyryldy

12:3203.08.2023
0
43798

Türkmenistanyň GDA-nyň agza ýurtlarynyň teleradiokompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň Belarus Respublikasynyň Minsk şäherindäki duşuşygyna gatnaşýan wekiliýeti Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasynda ýörite duşuşyklary guradylar. Duşyşygyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça özara pikir alyşyldy. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berdi.

Belarus Respublikasynyň teleradioýaýlymlarynyň Türkmenistanda bolup geçýän täzelikleri öz habar beriş serişdelerinde giňden ýaýbaňlandyrmagyna ýokary baha berildi. Şonuň netijesinde hem hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça özara pikir alşyldy.

Duşuşyga gatnaşýan myhmanlar Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde geçiriljek media foruma gatnaşmaga hem çagyryldy. 2016-njy ýylda Belarus teleradiokompaniýasynyň we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň arasynda Ähtnama gol çekildi we bu hyzmatdaşlyk şol döwürden bäri saklanylylýar.

Duşuşyga Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nazar Şagulyýew hem gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň