Türkmenistanyň Ösümlikler boýunça Döwlet karantin gullugy düzgünleşdirilen önümleri barlamakda ulanylýan 25 sany fitosanitar toplumyny aldy.
Toplumlar ÝB tarapyndan maliýeleşdirilýän BOMCA maksatnamasy — Merkezi Aziýa ýurtlaryna serhet dolandyryşynda kömek bermek taslamasynyň çäginde berildi.
Aşgabatdaky Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetiniň sosial ulgamlarynda habar berilişi ýaly, fitosanitar enjamlary degişli bölümleriň maddy-tehniki binýadyny has-da berkitmek üçin türkmen tarapynyň ýörite haýyşy esasynda satyn alyndy.