Ýaponiýada yssa garşy göreşmek üçin enjamlary oýlap tapdylar

17:4631.07.2023
0
38455
Ýaponiýada yssa garşy göreşmek üçin enjamlary oýlap tapdylar
Surat: hands.net

Yssy howa garşy göreşde islendik serişde oňat. Ýaponiýada bedeniň gyzmagyna garşy enjamlaryň sergis guraldy diýip, «MIR 24» teleýaýlymy habar berýär.

Täsin sergide görkezilýän yssy howa garşy serişdeleriň hatarynda boýnuňy sergin saklaýan kiçi-holodilnik, suw arkaly sowadýan ýeňsiz gursakça hem-de wentilýatorly köýnekler hem bar. Olaryň arasynda körpejeler üçin ýasalanlary-da bar. Şeýle-de suspensiýa görnüşindäki içmek üçin buz ýaly suw hem oýlanyp tapylypdyr.

«Biz öz enjamlarymyzy açyk meýdanda zähmet çekýän adamlardyr fabrikleriň işgärleri üçin döredýäris. Bu kärhanalarda howa ýeterlik derejede sergin däl. Biz adamlaryň ölüm howply gün urma uçraýandygyny bilýäris hem-de munuň öňüni almakçy bolýarys» diýip, Ýaponiýanyň Menejment assosiasiýasynyň wekili Tomoki Tanaka gürrüň berýär.

Sergidäki enjamlar adamlarda uly gyzyklanma döretdi. Sebäbi Ýaponiýada aňrybaş derejede yssy howa dowam edýär, şonuň üçin adamlar oňa garşy göreşmekde adaty bolmady serişdeleri peýdalanmaga hem taýýar diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň