Singapuryň dünýä meşhur MMA promouşeni bolan «One Championshiph» Merkezi Aziýanyň pälwanlarynyň arasynda saýlama ýaryşyny geçirmegi meýilleşdirilýär. «Sports.kz»-niň ýazmagyna görä, oňa türkmenistanly pälwanlar hem gatnaşyp biler.
«Road to ONE» atly bu taslama mongoliýaly guramaçylara degişlidir. Olar merkezi aziýaly pälwanlaryň güýjünden habarlydyklary üçin gazak federasiýasyna teklip bilen çykdy. Saýlama ýaryşyň ýeňijileri «ONE Championship»-e gatnaşmaga hukuk gazanarlar.
Bellenilişi ýaly, bu ýaryş merkezi aziýaly pälwanlaryň tutuş dünýädäki meşhurlygyna oňyn täsirini ýetirer.
«ONE Championship» MMA, muaý thai, kikboksing we beýleki başa-baş söweş görnüşleri boýunça ýaryşlary gurnaýan Aziýanyň iň meşhur promouşenleriniň biridir.