Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Röwşen» dükanlarynda mekdep okuwçylary üçin egin-eşik toplumlary hödürleýär

11:5025.07.2023
0
49483

Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda meşhur «Röwşen» türkmen haryt nyşanynyň dükanlary 6 – 13 ýaş aralygyndaky ýaş türkmenistanlylara mekdep lybasynyň toplumlaryny hödürleýär.

Oglanlar üçin dürli görnüşli aýakgaplary, köýnekleri, kostýumlary, joraplary hem-de kemerleri satyn almak mümkindir. Owadan aýakgaplaryň, joraplaryň we penjekleriň nusgalary bolsa, gürrüňsiz, gyzjagazlaryň göwnünden turar.

Ähli lybaslar tebigy materiallardan taýýarlanandyr, şeýle hem olar bedene ýakymly, amatly we geýmek üçin rahatdyr.

Ýatlatsak, kompaniýa tomus möwsümi üçin «Röwşen kids» egin-eşik toplumyny döretdi we öndürdi, olar haryt nyşanynyň dükanlarynda hödürlenip, tomusky dynç alyş möwsümini işjeň geçirýän çagalaryň arasynda uly meşhurlyk gazandy.

«Röwşen» haryt nyşanynyň çagalar üçin niýetlenen mekdep lybaslary we beýleki egin-eşik toplumlary bilen tanyşmak üçin Aşgabatda şu salgyda tanşyp bilersiňiz: Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 91/1 («Gadamly» binasy). Goşmaça maglumat üçin telefonlar: (+993 12) 21 63 06, (+993 64) 14 14 19.

Türkmenistanyň beýleki welaýatlaryndaky «Röwşen» dükanlarynyň telefonlary:

  • Änew: (+993 62) 79 01 16;
  • Tejen: (+993 63) 51 10 55;
  • Mary: (+993 522) 7 30 15;
  • Ýolöten: +(993 63) 06 47 78;
  • Balkanabat: (+993 63) 28 32 05;
  • Türkmenbaşy: (+993 65) 79 01 50;
  • Daşoguz: (+993 62) 79 01 16;
  • Türkmenabat: (+993 63) 79 74 88;
  • Kerki: (+993 62) 67 05 19.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň