Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Arkadag şäheriniň ilkinji açyk çempionatynda paýtagtly we maryly türgenler ýeňiji boldular

18:3124.07.2023
0
31177

«Orient» türkmen metbugatyna daýanyp, Arkadag şäherinde başa-baş söweş sungatlarynyň birnäçe görnüşi boýunça ilkinji açyk çempionatyň geçirilendigini habar berdi.

Neşiriň ýazmagyna görä, şäheriň köpugurly sport toplumy garyşyk söweş sungaty bolan MMA-nyň «Draka» görnüşi, şeýle hem ähliumumy söweş, el-aýak söweşi, hindileriň toparlaýyn oýunlary bolan kabaddi we hapkido boýunça şäheriň ilkinji açyk çempionatyny kabul etdi.

Ýaryşlary Arkadag we Aşgabat şäherleriniň bedenterbiýe we sport boýunça baş müdirlikleriniň ýardam etmeginde Türkmenistanyň Hanmudo söweş sungaty federasiýasy gurnady. Olarda dürli ýaş toparlaryndan 200-den gowrak türgen öz ussatlyklaryny görkezdi.

Guramaçylaryň aýtmagyna görä, Arkadag şäheriniň söweş sungatynyň dürli görnüşleri boýnça açyk çempionaty ätiýaçlygyň özboluşly gözden geçirilişi boldy. Ýaryşlar gelejekde iri halkara we sebitleýin ýaryşlarda ýurduň abraýyny gorajak täze zehinleri tapmaga kömek etdi.

MMA «Draka» boýunça ýaryşlaryň jemleri boýunça el-aýak we ähliumumy söweş boýunça umumytopar hasabynda Mary welaýatyndan gelen türgenler ýeňiş gazandylar. Kabaddi we hapkido boýunça ýaryşlarda Aşgabat şäheriniň ýygyndy topary çempion boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň