Gyrgyzystanyň «Neftçi» futbol topary Myrat Ýakşiýew bilen hoşlaşylandygyny habar berdi

21:0021.07.2023
0
29719

Gyrgyzystanyň «Neftçi» futbol klubynyň metbugat gullugy jemgyýetçilik torlaryndaky hasaby arkaly türkmenistanly hüjümçi Myrat Ýakşiýew bilen hoşlaşylandygyny habar berdi.

«Ikitaraplaýyn ylalaşyk esasynda Myrat Ýakşiýew bilen baglaşylan zähmet şertnamasy ýatyryldy. Biz Myrada bilelikdäki iş üçin hoşallyk bildirip, oňa geljekde hem üstünlik arzuw edýäris!» diýlip, habarnamada aýdylýar.

Myrat Ýakşiýew şu ýylyň mart aýynda «Neftçä» erkin oýunçy hökmünde Aşgabadyň «Altyn asyryndan» goşulypdy. Ol Gyrgyzystanyň Premýer ligasynda 11 duşuşyga gatnaşyp, iki gezek tapawutlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň