Top.Mail.Ru

Arhiw

Türkmenistanyñ Prezidenti nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi

23:2121.07.2023
0
31760
Türkmenistanyñ Prezidenti nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, mejlisde ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiñ meselelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisde, ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol milli parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi.

Döwlet Baştutany hereket edýän kanunlary mundan beýläk-de yzygiderli kämilleşdirmegiñ möhümdigine ünsi çekdi.

Soňra mejlisiň barşynda wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, olaryň netijeleri, şol sanda pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, öňde boljak çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Türkmenistanyñ Prezidenti hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, halkara gatnaşyklar, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurtda amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň ylmyň iň täze gazananlaryna esaslanýandygyny aýtdy we Garaşsyz Türkmenistanda örän gysga taryhy döwürde ylym ulgamynyň binýatlyk esaslaryny has-da pugtalandyrmak, ony dünýä derejesine çykarmak boýunça birnäçe işleriň durmuşa geçirilendigini hem-de üstünlikli dowam etdirilýändigini belledi. Munuň özi milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Döwlet Baştutany ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklarynda dünýä ylmynyň işläp taýýarlamalaryny ulanmagyň häzirki günüň wajyp şerti bolup durýandygyna ünsi çekdi we Ministrler Kabinetiniň agzalaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy, dürli pudaklary ösdürmäge gönükdirilen resminamalar kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň