Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan syýahatçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatdaky maksatnamanyň taslamasyny taýýarlar

09:2622.07.2023
0
49880

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň halkara işini mundan beýläk-de işjeňleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

«Syýahatçylyk pudagynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» taslamasyny işläp taýýarlamak teklip edilýär. Bellenilişi ýaly, bu ulgamda baý taryhy-medeni mirasa we tebigy gymmatlyklara eýe bolan ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçilikleri bar. Maksatnama halkara syýahatçylyk guramalary bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmaga, bilelikdäki çäreleri geçirmäge gönükdiriler.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýer, daşary işler ministrine birnäçe tabşyryklary berdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň