Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Pelwert obasynyň saglyk öýünde Gün batareýalary oturdyldy. Munuň özi Türkmenistanda Gün energiýasy bilen işleýän ilkinji saglygy goraýyş edarasydyr.
ÝUNISEF-iň ýurt boýunça edarasynyň metbugat gullugynyň habaryna görä, bu alternatiw energiýa çeşmesi saglyk öýüne tebigy betbagtçylyklar wagtynda üznüksiz lukmançylyk hyzmatlaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berer.
Belläp geçsek, Gün energiýasy ulgamyny ornaşdyrmak taslamasy ÝUNISEF tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçirilýär. Taslama çäreleri ÝUNISEF tarapyndan işlenip düzülen howanyň üýtgemegine durnukly saglygy goraýyş edaralary üçin giňişleýin strategiýanyň çäginde amala aşyrylýar.
Gün energiýasy Gün şöhlesine baý Türkmenistanda üznüksiz, durnukly, ygtybarly we arassa elektrik togy üçin iň oňat çözgütleriň biri bolup durýar.