Prezident Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň Lukmançylyk kongresini geçirmegi teklip etdi. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde geçirilen Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň «Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi — Merkezi Aziýa» görnüşindäki birinji sammitiniň barşynda eden çykyşynda aýtdy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, lukmançylyk we saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek hem derwaýys wezipeleriň biridir. Bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan wajyp halkara başlangyçlar öňe sürüldi.
— Bu teklipleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de lukmançylyk diplomatiýasy babatdaky gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, 2025-nji ýylda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýanyň we Aýlag hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwletleriniň Lukmançylyk kongresini geçirmegi teklip edýäris — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.
Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi 1981-nji ýylda döredilýär. Alty ýurt: Bahreýn Patyşalygy, Katar Döwleti, Kuweýt Döwleti, Birleşen Arap Emirlikleri, Oman Soltanlygy we Saud Arabystany Patyşalygy bu sebit guramasynyň agzalary bolup durýar.
Bu guramanyň Jiddada geçirilen ýokary derejedäki sammitine geňeşe agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň — Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Baştutanlary, şeýle hem Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary gatnaşdylar.