Häzirki wagtda Moskwanyň Uly döwlet sirki we Reňkli bulwardaky Moskwa Nikulin sirki Türkmenistanda çykyşlaryny dowam etdirýärler. 7-nji awgustda tamamlanjak Aşgabatdaky çykyşlaryndan soň artistler ýurduň ähli welaýatlaryna baryp görerler we özboluşly çykyşlaryny ýerli tomaşaçylara hödürlärler.
Şeýlelikde, Türkmen-Russiýa medeni hyzmatdaşlygynyň taryhynda ilkinji gezek sirk çykyşlary diňe bir paýtagtda däl, eýsem welaýat merkezlerinde hem geçiriler.
Çykyşlar welaýat merkezlerinde ýerleşýän we sirk çykyşlary üçin ýörite enjamlaşdyrylan «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň meýdançalarynda geçiriler.
Rus sirkiniň Türkmenistandaky çykyşlary 24-nji sentýabra çenli dowam eder. Çykyşlar Daşoguzda (9 — 18-nji awgust), Lebapda (22 — 31-nji awgust), Maryda (3 — 12-nji sentýabr) we Balkanda (15 — 24-nji sentýabr) geçiriler.