Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň deňiz söwda floty ýük we ýolagçy gatnawyny artdyrýar

18:1016.07.2023
1
33842

2023-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda Türkmenistanyň deňiz söwda flotunyň gämileri bilen ýük daşamagyň umumy möçberi 1,15 million tonna barabar bolup, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 31,4 göterim ýokarlandy diýip, flotuň metbugat gullugy habar berýär.

Umuman, şu ýylyň birinji ýarymynda deňiz söwda floty arkaly ýük daşamak boýunça meýilnama 132,2 göterim ýerine ýetirildi.

2023-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýük dolanyşygy 476,838 million tonna bolup, bu geçen ýylky bilen deňeşdirilende, 28,7 göterim köpdür. Degişi döwürde ýük dolanyşygy boýunça meýilnama 230,8 göterim ýerine ýetirildi.

Hasabat döwründe ýolagçy dolanyşygy, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 100,8 göterim ýokarlandy we 3,7 million ýolagçy/kilometrden geçdi. Meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 234,0 göterime deň boldy.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň deňiz söwda flotunda 20 gämi bar. Deňiz flotunyň esasy işine ýükleri suw üsti bilen daşamak, ýolagçylary, ulaglary, gury ýükleri, nebit we nebit önümlerini daşamak hyzmatlary, şeýle hem edara hyzmatlary degişli bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
salesakgapy ( 17.07.2023 )

где можно купить билет на паром туркменбашы баку

0