Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Batyr Wolsahatow TDHÇMB-niň başlygy wezipesine geçirildi

23:0714.07.2023
0
34764

Çaryýew Begenç Şadurdyýewiç, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Batyr Seýtgeldiýewiç Wolsahatow bellenilip, ol Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesinden boşadyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Permanlara şu gün geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň