«Sejde» dükany Türkmenistanyň halkyna dini dessurlary ýerine ýetirmek we zyýarat etmek üçin egin-eşikleriň dürli görnüşlerini hödürleýär.
Dini dessurlar üçin ulanylýan egin-eşikler dükanda döredilen ýörite atelýede taýýarlanylýar. Tikin işlerinde diňe tebigy matalar – pagta, zygyr, ýüpek matalar peýdalanylýar. «Sejdäniň» önümleri rahatlygy, amatlylygy, ölçeg görnüşleriniň köpdürlüligi, sada we göz üçin ýakymly reňk öwüşginleri bilen tapawutlanýar hem-de olar yslamyň däp-dessurlaryna laýyklykda tikilýär.
«Sejde» dükanynda giň köýnekler, jalbarlar, erkekler üçin başgaplar, aýallar üçin köýnekler we ýaglyklar, şeýle hem dürli esbaplar, namazlyklar, sowgatlyk toplumlar – tesbiler hödürlenýär.
«Sejde» dükanynda hödürlenýän önümleriň nusgalary bilen dükanyň sosial ulgamdaky sahypasynda, şeýle hem şu salgyda tanşyp bilersiňiz: Aşgabat, Magtymguly şaýoly, «Akja» hyzmatlar öýi. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 64) 90 60 90.