Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Sultan Raýewi TÜRKSOÝ-nyň döredilmeginiň 30 ýyllygy bilen gutlady

03:1412.07.2023
0
28113

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewe bu guramanyň esaslandyrylmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

— Geçen döwrüň içinde Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-nyň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Biziň hyzmatdaşlygymyz umumy taryhy, ruhy we medeni gymmatlyklary bolan türki halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, oňyn hyzmatdaşlygy has-da berkitmegiň maksatlaryna laýyk gelýär. Türkmenistan geljekde-de TÜRKSOÝ bilen işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirer — diýip, döwlet Baştutany hatynda belleýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, jenap Sultan Raýewe we Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Sekretariatynyň işgärlerine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň