Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Berdiýew dünýäniň häzirki wagtdaky iň goja tälimçileriniň hataryna goşuldy

14:5510.07.2023
0
41820

Mahaçkalanyň «Dinamosynyň» täze bellenilen tälimçisi, 70 ýaşly türkmenistanly hünärmen Gurban Berdiýew dünýäniň häzirki wagtdaky iň goja tälimçileriniň reýtingine goşuldy.

Häzirki wagtda bu reýtingiň ilkinji onlugynda 75 ýaşly Roý Hojson liderlik edýär. Iňlis tälimçisi şu ýylyň mart aýynda «Krystal Pelas» bilen şertnama baglaşyp, topary Angliýanyň premýer-ligasynda alyp galmagy başardy.

Bu ýyl top-5-likde ýene-de iki sany goja tälimçi işledi. Olaryň birinjisi «Kalýariniň» 71 ýaşly halypasy Klaudio Ranýeri, ikinjisi bolsa «Metsiň» 70 ýaşly tälimçisi Laslo Bolonidir.

Mundan başga-da, 71 ýaşly Şenol Güneş hem «Beşiktaş» bilen üstünlikli iş alyp barýar. Onuň golastyndaky topar Türkiýäniň çempionatynyň geçen möwsüminde üçünji orny eýeläp, Ýewropanyň Konferensiýalar Ligasynyň saýlama tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Şeýle-de ýaşy 70-den geçen goja tälimçileriň hatarynda DÇ-2022-den soň Kataryň milli ýygyndysynyň baş tälimçisine öwrülen Karluş Keýruşy we iki ýyl bäri Beniniň milli ýygyndysyny türgenleşdirýän Gernot Roty görkezmek bolar.

Bulardan başga-da, Islaniýadyň milli ýygyndysynynyň 69 ýaşly Ole Hareýd hem-de onuň 74 ýaşly kömekçisi Lars Lagerbek hem goja tälimçileriň sanawynda orun alýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň