«Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, 2023-nji ýylyň 16-njy iýulyndan başlap, «Türkmenistan» awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti «Airbus 330-200P2F» kysymly howa gämisinde hepdede 1 gezek uçuş ýygylygy bilen, Italiýa Respublikasynyň Milan we Hytaý Halk Respublikasynyň Şenžen şäherlerine ýük gatnawlaryny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada «Türkmenhowaýollary» agentligi habar berýär.
Şeýle-de okaň: