«Ak Ilbirs» milli film baýragyna «Merkezi Aziýanyň iň gowy filmi» ugry boýunça dalaşgärler belli boldy. Sahysalyh Baýramowyň režissýorlyk etmeginde Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan döredilen «Gyzyl kürte» filmi hem sanawdan orun aldy.
Baýragyň utgaşdyryjysy Saadat Kazakbaýewanyň pikiriçe, sanawa şu aşakdaky filmler sanawa girdi:
— «Akyn», režissýory Darežan Omirbaýew, (Gazagystan),
— «Gyzyl kürte», režissýory Sahysalyh Baýramow, (Türkmenistan),
— «Ewolýusiýa», režissýory Ýolkyn Tuýçiýew, (Özbegistan).
Şeýle hem, «Ak Ilbirs» Merkezi Aziýa Kinematografiýa sungaty akademiýasynyň agzalarynyň 2023-nji ýylyň 17-18-nji iýunyndaky karary bilen 2021-nji we 2022-nji ýyllar üçin «Ak Ilbirs» milli film baýragyna dalaşgärler hem kesgitlenildi.
Ýeňijileriň 8-nji iýulda baýrak gowşurylyş dabarasynda yglan edilmegine garaşylýar.