Soňky habarlar

Arhiw

Ýerde bütin taryhdaky iň yssy gün hasaba alyndy

12:0806.07.2023
0
31492

ABŞ-nyň Ekologik çaklamalaşdyryş milli merkezi şu hepdäniň duşenbe gününi – 3-nji iýuly synlamalaryň bütin taryhynda iň yssy gün hökmünde hasaba aldy diýip, «The Guardian» neşirine salgylanýan «Tengrinews.kz» habar berýär.

Meteorologlaryň maglumatlaryna görä, Ýerde 3-nji iýulda ortaça howa derejesi Selsiý boýunça 17 gradusdan ýokary boldy, bu synlamalaryň başlanan senesi bolan 1979-njy ýyldan bäri iň ýokary görkezijidir.

Adatdan daşary ýokary howa derejesiniň sebäbi Ýuwaş ummanyň ekwatorial bölegindäki suw üstüniň temperaturasynyň üýtgäp durmagyny alamatlandyrýan El-Nino hadysasydyr.

El-Nino— bu güýçli tebigy hadysa bolup, Ýuwaş ummanyň ekwatorial bölegindäki suwuň temperaturasynyň yzygiderli ýokarlanmagydyr. Ol bütin planetanyň howa ýagdaýyna täsir edýär. Öň 2016-njy ýylyň awgustynda hasaba alnan rekord 16,92 gradusa deň bolupdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň