«Neftçi» Gyrgyzystanyň futbol çempionatynyň 15-nji tapgyrynyň jemleýji duşuşygynda «Talantdan» üstün çykdy. 4-nji iýul güni Koçkat-Ata şäherinde geçirilen duşuşyk «Neftçiniň» 3:2 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.
Ýeňiji toparyň gollarynyň ikisini 59-njy we 84-nji minutlarda Otabek Haýdarow, 77-nji minutda bolsa Myrat Ýagşyýew geçirdi. «Talantda» 9-njy minutda Ilimbek Imanberdiýew, 62-nji minutda Arlen Beksulow tapawutlandy.
Bu ýeňişden soň utugyny 25-e çykaran «Neftçi» ýaryş tertibinde üçünji orna göterildi. 15 utukly «Talant» bolsa ýedinji orunda galdy.
Myrat Ýagşşyýew «Neftçä» şu ýylyň mart aýynda Aşgabadyň «Altyn asyryndan» erkin oýunçy hökmünde goşuldy. Onuň klub bilen şertnamasy şu ýylyň dekabr aýynda tamamlanýar. Myrat Gyrgyzystanyň Premýer-ligasynda häzire çenli 11 duşuşykda 2 gol geçirip bildi.