26—30-njy iýunda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň we Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekillerinden ybarat bolan türkmen wekiliýeti Ýerewanda tanyşlyk saparynda boldular. Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti Ermenistanyň maliýe hasabatlylygyny emele getirmek we hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny öwrenmek boýunça iň oňat tejribeleri bilen tanyşdyryldy.
Tanyşlyk sapary BMGÖM we Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan bilelikde durmuşa geçirilen «Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň institusional, statistiki we maglumat tehnologiýalary kuwwatyny pugtalandyrmak» taslamasynyň çäginde guraldy.
Bäş günlük saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Maliýe ministrligi, Ermenistan Respublikasynyň Statistika komiteti (ArmStat), Merkezi bank we Döwlet girdeji komiteti ýaly ministrlikleriň we döwlet gurluşlarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirildi.
Olarda türkmen hünärmenleri agzalary Ermenistanda ulanylýan statistiki usulyýetiň we maliýe hasaplaryny emele getirmegiň gurallary bilen tanyşdylar hem-de usulyýet meseleleri, maglumatlar çeşmeleri, şeýle hem Türkmenistanda maliýe hasaplaryny ýygnamagyň häzirki ýagdaýy barada gürrüň berdiler.