Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» banky fiziki şahslar üçin 11 göterimlik goýumlary açmagy teklip edýär

16:4704.07.2023
0
42124

«Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky 29-njy iýunda Aşgabatdan 30 kilometr uzaklykda döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň açylmagy mynasybetli «Arkadag şäheri — halkyň buýsanjy» atly täze möhletli goýum üçin serişdeleri kabul edip başlady. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Goýumyň esasy artykmaçlyklary şulardan ybarat:

  • goýumyň göterim derejesiniň ýokarlanmagy, ýagny pul serişdesiniň goýumda durjak ähli döwri üçin 11 göterim;
  • goýumyň üstüni nagt däl görnüşde doldurmak mümkinçiligi;
  • goýumyň hereket edýän ähli döwründe kepillendirilen girdejisi.

Goýum 1 ýyl möhlete açylýar. Goýumyň iň az möçberi 500 manat bolup, aňryçäk möçberi çäklendirilmeýär. Täze goýum 2023-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli kabul edilýär.

«Arkadag şäheri — halkyň buýsanjy» goýumy barada jikme-jik maglumat «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň www.tnbk.tm resmi web sahypasynda, bankyň ofislerinde elýeterlidir.

Goşmaça maglumat üçin şu telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz:

  • (+993 12) 44 02 80, 44 03 04.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň