Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky ýuridiki şahslar we telekeçiler üçin «Internet-banking» hyzmatyny hödürleýär

17:2003.07.2023
0
45082

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky ýuridiki şahslar hem-de telekeçiler üçin «Internet-banking» hyzmatyndan peýdalanmagy hödürleýär.

Internet banking diňe bir bütin Türkmenistanyň çäginde uzak aralykdan milli we daşary ýurt walýutasynda tölegleri geçirmäge däl, eýsem, islendik wagtda hasabyňy dolandyrmaga, pul serişdeleriniň hereketini yzarlamaga, öz maliýe amallaryň taryhyny görmäge we hasabyňdaky balansdan hemişe habarly bolup durmaga mümkinçilik döredýär.

Şeýle-de internet bankingiň kömegi bilen işgärleriň bank kartlaryna aýlyk haklaryny geçirmek üçin töleg resminamalaryny kadalaşdyryp bolýar.

Internet bankingiň köpsanly peýdaly aýratynlyklarynyň hatarynda — geleşigiň ygtybarlylygynyň ýokary derejesini, hasabyňdaky galyndyny görmek mümkinçiligini bellemek bolar.

«Internet-banking» hyzmatyny birikdirmek üçin Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ýuridiki şahslaryň hasaplary bölümine ýüz tutup bilersiňiz. Ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Garaşsyzlyk şaýoly, 32-nji jaý.

Goşmaça maglumat almak üçin şu salgylanma geçiň.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 12) 40 60 08.

Elektron poçta salgysy: tveb@online.tm

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň