Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň maşgalasy hanym Emine Ärdogan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy hanym Ogulgerek Berdimuhamedowany Gurban baýramy bilen gutlady.
— Gadyrly Ogulgerek!
Sizi mübärek Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Gurban baýramy birek-birege goldaw bermegi we raýdaşlygy, agzybirligi özünde jemleýär. Bu baýramyň ähli adamzada jebislik, asudalyk we rowaçlyk getirmegini arzuw edýärin. Pursatdan peýdalanyp, şu baýram günlerinde Size we Siziň maşgalaňyza hem-de türkmen halkyna iň hoşniýetli arzuwlarymy beýan edýärin — diýip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň maşgalasy Emine Ärdogan «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen gutlag hatynda belleýär.