Türkmenistan – sport döwleti – diýip, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Aziýa oýunlary bölüminiň başlygy Haýder Farman “Türkmenportala” beren interwýusynda belleýär.
- Türkmenistanda Aziýa oýunalaryna taýýarlyk görlüşi barada Internet maglumatlary esasynda yzygiderli gyzyklanyp durýarys. Bu ýerde oýunlara taýýarlygyň derejesi bizde kanagatlanma döredýär. Olimpiýa şäherjiginde gurlan sport desgalarynda bolsa sportuň aýry-aýry görnüşleri boýunça dünýä ýaryşlaryny geçirmäge hem mümkinçilik bar.
Düýn bu ýerde iki sany kaşaň myhmanhananyň açylyş dabarasyna gatnaşdyk. Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň 34-nji Baş Assambleýasynyň mejlisiniň Olimpiýa şäherjiginde täze açylan myhmanhanada geçirilmegi bu maslahatyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Şu myhmanhanadan hem Türkmenistanyň dünýäniň 60-dan gowrak döwletinden geljek myhmanlary göwnejaý kabul edip biljekdigine ynamymyz artýar. Men Türkmenistanyň Aziada — 2017-ni, garaşylşy ýaly, ýokary derejede geçirip, indiki iri sport ýaryşlaryna mynasyp dalaşgär boljakdygyna ynanýaryn. Çünki Türkmenistanyň Aziada — 2017-ä görýän taýýarlygy belent bahalara mynasypdyr.