Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly ýeňil atletikaçylar Almatyda geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar

11:3829.06.2023
0
17343

1-nji iýulda türkmenistanly ýeňil atletikaçylar möhüm synaga başlaýar. 1-2-nji iýulda Almatynyň Merkezi stadionynda geçjek Gusman Kosanowyň ýadygärligine bagyşlanan ýeňil atletika boýunça halkara ýaryşy sportuň şu görnüşinden milli mekdebiň mümkinçiliklerini synamakda ähmiýetli ädim bolar. Çünki bu halkara ýaryş Dünýäniň Ýeňil atletika assosiasiýasynyň ýokary derejeli bäsleşikleriniň hataryna girýär.

Nobatdaky ýaryşda Türkmenistandan, Hytaýdan, Tailanddan, Hindistandan, Eýrandan, Täjigistandan, Özbegistandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Ermenistandan, Azerbaýjandan, Gruziýadan hem-de Gazagystandan bolan ýeňil atletikaçylaryň çykyş etmegine garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň